Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Arkadag Awazadan gaýdan badyna', Türkmenbaşyda ilatyň tok we suw üpjünçiligi ýaramazlaşdy


Türkmenbaşy şäheri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenbaşy şäheri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň yz ýany, kenar ýaka Türkmenbaşy şäherinde elektrik energiýasynyň hem-de agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşyp başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

"Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenbaşy şäherinde suw üpjünçiligi doly kesildi. Ýekşenbe güni öýlän takmynan bir sagat töweregi bulançak suw berildi" diýip, birnäçe şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Olar şäherde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň hem ep-esli ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

"Şenbe gününden bäri tok üpjünçiliginde hem yzygiderli bökdençlik ýüze çykýar. Her gezek tok kesilende ýarym sagatlap ýanmaýar. Gije kadalaşýar, irden ýene-de bökdelip başlaýar" diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri sebitde emele gelen bökdençligiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň ahyrlarynda Awazadan gaýtmagynyň yz ýanyna gabat gelendigini aýdýarlar.

Olar Berdimuhamedowyň Awazada bolan döwürlerinde tutuş sebitde hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmagyna uly ünsüň berlendigini aýdýarlar.

Halkara çäreler

Awgust aýy günbatar sebitde halkara çärelere baý boldy. Ýatlasak, 5-8-nji awgust aralygynda Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça III maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin, 30-dan gowrak ýurduň wekiliýeti kenar ýaka şähere bardy.

Bu çäräniň yz ýany, 22-nji awgustda ýokary derejeli Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada duşuşdy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Berdimuhamedowyň günbatar sebiti geçen hepdäniň ahyrlaryna golaý terk edendigini aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji awgustda Arakadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Eks-prezident Awazadan gaýdan badyna, ýerli ýaşaýjylar günbatar sebitde hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň dessine ýaramazlaşyp başlandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy şäherde elektrik energiýasynyň hem-de agyz suwunyň kesilmegi boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Balkan welaýatynyň ikinji iň iri şäher bolan Türkmenbaşyda üpjünçilik meseleleri ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Bu sebitde, hususan-da, agyz suwunyň hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde yzygiderli bökdençlikler ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäherde geçen hepdäniň ahyrlarynda has-da ýygjamlaşyp başlan üpjünçilik meseleleri boýunça şäher häkimliginiň bir hünärmeni bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.

Taýýarlyk işleri

"Häzirki wagtda suw desgalarynda hem-de elektrik energiýasyny paýlaýjy transformatorlarda gyşa taýýarlyk işleri alnyp barylýar" diýip, hünärmen aýdýar.

Ol tomus aýlarynda kenar ýaka sebitde geçirilen halkara çäreler bilen baglylykda şäheriň durmuş desgalarynda her ýyl meýilleşdirilýän abatlaýyş işleriniň şu ýyl gijikdirilendigini gürrüň berdi.

"Şol sebäpden, şäherde hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginde hiç hili meseläniň ýüze çykmazlygy berk tabşyryldy; agyz suwunyň, elektrik togunyň hem-de gaz üpjünçiliginiň bökdelmegi gadagan edildi. Biz hem gyşa taýýarlyk işleriniň möhletini awgust aýynyň ahyrlaryndan 10-njy sentýabra çenli meýilleşdirdik" diýip, hünärmen aýdýar.

Ol halkara çäräniň dowamynda, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada dynç alan günlerinde Türkmenbaşy şäherinde suw turbalarynyň geçýän ýerlerini gazmagyň gadagan edilendigini aýdýar.

Türkmenistanda infrastruktura ulgamlarynyň esasy bölegi sowetler döwründe işe girizilen desgalar bolup, hususan-da çet sebitlerde köne transformatorlardan, elektrik energiýasyny paýlaýjy desgalardan peýdalanylýar. Şeýle-de, ýurduň çäginde çekilen içerki gaz geçiriji ulgamlar esasan garaşsyzlygyň irki ýyllarynda guruldy. Hünärmenler bu ulgamlaryň hem otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda eýýäm könelendigini aýdýarlar.

Hazar ýaka sebitler öňden bäri agyz suw üpjünçiligi bilen bagly problemalara sezewar galýar. Soňky ýyllarda bu sebitde suw üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek maksady bilen, Hazar deňziniň kenarynda deňiz suwuny arassalamak boýunça desgalary gurmak meýilleşdirildi.

"Arkadag Türkmenbaşy şäherinde bolanda tok kesildi diýip, Internetde maglumat ýaýramaz ýaly, şäherde üpjünçilik meseleleri wagtlaýyn berk gözegçilikde boldy" diýip, hünärmen golaýda gysga wagtlyk hem bolsa, bökdençlikleriň aradan aýrylandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG