Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Werhowna Radanyň öňki spikerini öldürmekde güman edilýän adamy tutdy


Andriý Parubiý. Arhiw suraty
Andriý Parubiý. Arhiw suraty

Ukraina Werhowna Radanyň öňki spikeri Andriý Parubiý öldürmekde güman edilýän erkegi tussag etdi diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski habar berdi.

"Güman edilýän ilkinji görkezmelerini berdi. Häzir bu ganhorlygyň ähli ýagdaýlaryny anyklamak üçin goşmaça derňew işleri alnyp barylýar" diýip, prezident aýtdy. Güman edilýän adamyň ady aýdylamýar.

Parubiý Lwowda tüpeňlenip öldürildi.

“RBC-Ukrainanyň” habaryna görä, ganhor özüni eltip beriş gullugyň işgäri hökmünde tanatdy we Parubiýi sekiz gezek tüpeňledi. Içeri işler ministri Igor Klimenko güman edilýän adamyň Hmelnytskiý sebitinde tussag edilendigini aýtdy.

"Men diňe jenaýatyň jikme-jiklik bilen taýýarlanandygyny aýjak: merhumyň hereket çägi öwrenildi, ugurlar çelgilendi we gaçyljak ýer öňünden kesgitlendi" diýip, ol aýtdy we polisiýanyň bu ganhorlygyň jikme-jikliklerini soň habar berjekdigini sözüne goşdy.

Milli polisiýa onuň yzyny çalmak we tussag etmek üçin 36 sagadyň gerek bolandygyny aýtdy.

"Biz munuň tötänleýin jenaýat däldigini bilýäris. Bu işde rus arabaglanyşygy bar. Dahylly bolanlaryň ählisi jogapkärçilige çekiler" diýip, metbugat üçin beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG