Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 31-nji awgustda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyna bardy diýip, türkmen metbugatyhabar berýär.
Ol Hytaýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine we Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşýar.
Berdimuhamedow ŞHG sammitine hormatly myhman hökmünde, HHR-iň başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça gatnaşýar.
"Ýurdumyz ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli formatlarda hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär" diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.
Habarda Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm orun tutýandygy aýdylýar.
“Türkmenportalyň” ýazmagyna görä, şu gün Hytaýyň Týanszin şäherinde ŞHG-nyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirilýär.
Günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşyga Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşar we, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder diýip, türkmen metbugaty habar berýär.